«Nurly meýdanyň» hyrydarly önümleri
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda hususy pudagyň ösdürilmegi döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bereket etrabynyň çäginde ýerleşýän «Nurly meýdan» hojalyk jemgyýeti hem telekeçiligi goldamak babatda döredilýän giň mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, döwrebap tehnologiýalary ulanmak bilen, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürýär, içerki sarp edijileriň isleginiň kanagatlandyrylmagyna hem-de eksport ugurly önümleriň köpelmegine uly goşant goşýar. Hojalyk jemgyýetiniň ýyladyşhanalarynda ösdürilip ýetişdirilýän pomidor, hyýar, bolgar burç ýaly gök önümler ýokary islegden peýdalanýar. Bu ýerde açyk meýdan şertlerinde ýeralma, sogan, käşir ýaly ekinleri ösdürip ýetişdirmäge hem aýratyn üns berilýär. «Nurly meýdan» hojalyk jemgyýetinde öndürilýän önümleri daşary ýurtlara eksport etmekde hem netijeli işler alnyp barylýar.