
Nury Halmämmedowa bagyşlanan festiwal
Balkanabat şäherindäki welaýat döwlet drama teatrynda meşhur kompozitor Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Mukama siňen ömür» atly festiwal ýokary ruhubelentlige beslendi. Festiwalda Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň hem-de çagalar sungat mekdepleriniň mugallymlarynyň, talyplarynyň, okuwçylarynyň joşgun bilen ýerine ýetirmeklerinde meşhur kompozitoryň döredijiliginden «Tüýdük», «Soňudagy», «Geler», «Uçuň, durnalar», «Türkmen sährasy», «Hüwdi», «Kerwen», «Şüküriň at çapyşy», «Gyzlaryň tansly hory», «Dutaryň owazy» diýen aýdym-sazlary, şeýle-de «Pursatlar» toplumyndan birnäçe sazlary ýaňlandy.
Festiwalda çagalar, talyplar, mugallymlar yzly-yzyna çykyş edip, tomaşaçylara ruhy lezzet paýladylar, bu bolsa ýurdymyzda halypa-şägirtlik ýolunyň hem mynasyp dowam etdirilýändigine aýdyň şaýatlyk etdi. Olar halypalary ýatlap, şeýle festiwallary geçirmäge döredilip berilýän şert-mümkinçilikler üçin öz hoşallyklaryny bildirdiler.