Nusgawy edebiýatda bedewleriň waspy
Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň bäşinji güni hem baý many-mazmuna beslendi. Balkan welaýat kitaphanasynda geçirilen Magtymguly Pyragynyň, Nurmuhammet Andalybyň, Seýitnazar Seýdiniň, Mämmetweli Keminäniň, Mollanepesiň, Zeliliniň, Annagylyç Mätäjiniň, Gurbanaly Magrupynyň döredijiliginde bedew waspyna bagyşlanan edebi duşuşyk ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen döredijilik işgärlerini bir ýere jemledi. Türkmen bedewleriniň waspy halk döredijiliginde, şeýle-de nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň eserlerinde öz beýanyny tapýar. Nusgawy şahyrlarymyzyň şygyrlarynda halkymyzyň bedew atlara goýýan hormat-sarpasy, olaryň gadyr-gymmaty ýokary çeperçilikde wasp edilýär. Edebi duşuşykda çykyş edenler şular dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň bedew atlarymyzy wasp edýän goşgularynyň okalmagy çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy.