Ogurjaly adasy
Türkmenbaşy şäherinden 45 kilometr daşlykda, deňiz içinde ýerleşýän, Hazar deňziniň günorta-gündogar bölegine bezeg berip oturan Ogurjaly adasy Hazar döwlet tebigy goraghanasyna degişlidir. Ogurjaly adasynyň umumy tutýan meýdany 9 müň gektara barabardyr. Demirgazykdan günorta tarapa 40 kilometre çenli uzap gidýär, ini bolsa 1,5-2 kilometrdir. Adanyň merkezi bölegindäki Ogurjaly döwlet tebigy çäkli goraghanasynyň meýdany hem 7 müň gektara barabardyr. 1982-nji ýylda açylan goraghana keýikleri köpeltmek maksady bilen döredilipdir. Adada ösümlikleriň 65 görnüşi bardyr. Bu ýerde bellige alnan guşlaryň sany hem 120-den gowrakdyr. Balyklaryň dürli görnüşleri duş gelýän Ogurjaly adasynda Hazar düwleniniň ýataklaram bar. Ol süýji suwdaky düwlenleriň dünýäde bar bolan iki görnüşiniň biridir we iň kiçisidir.