Ojakbaşy

Jemgyýet
10.01.2026
48

Ojakbaşy

Halkymyz keçe we haly önümlerine aýratyn üns beripdir. Keçeden we halydan ak öýüň içine ýazmak, bezemek üçin dürli önümler taýýarlanypdyr. Sebäbi olar berk bolup, uzak ýyllar hyzmat edipdir. Şeýle önümleriň birem ojakbaşydyr. Ojakbaşy, adyndan belli bolşy ýaly, ak öýde ojagyň başyna, ýagny ojagyň töweregine ýazmak üçin taýýarlanylypdyr. Şeýle-de öýüň duluna, gap böwrüne düşelipdir. Olar keçeden we halydan, kakma palasdan edilipdir. Ojakbaşy gönüburç, tegelek görnüşlerde taýýarlanypdyr. Keçeden ojakbaşylaryň taýýarlanyş usuly beýleki keçeleriňkä meňzeş bolupdyr. Ojakbaşy ak öýler üçin diňe bir düşek, ýylylyk, gözellik däl-de, umumy goraýyş ähmiýetine-de eýe bolupdyr Ol oduň uçgunyndan, töwerege syçraýan közden öýüň içini, düşelen ýerini goramagy üpjün edipdir.

Täze habarlar

Medeniýet
Jemgyýet
Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde