Ýurduň çäginde
03.03.2025
800
Ojar
Garagum sährasyna özboluşly bezeg berip oturan ojar, ýagny gara sazak köplenç düzlüklerde, şorlaşan çägeliklerde, çäge ulgamynyň arasyndaky pesliklerde ösýär. Bu agajyň kök ulgamy 7 metre çenli ýetip bilýär. Garagumuň iň ýokary önümli ösümligi bolan ojarlar dürli ekologik şertlerde: ýerasty suwlaryň çuň bolmadyk ýerlerinde, dag etekleriniň tozan siňen gert topraklarynda oňat ösýär. Düýeler ojaryň pürlerini bütin ýylyň dowamynda, dowarlar bolsa güýz we gyş aýlarynda iýýärler.