Okara

Taryh
18.01.2025
46

Okara

Halkymyzda agaç ussaçylygynyň we küýzegärçiligiň ösmegi bilen hojalyk esbaplaryny ýasamaklyga aýratyn üns berlipdir. Hojalykda ulanylýan agaç we keramiki esbaplar biziň günlerimize gelip ýetipdir. Şolaryň birem okaradyr. Ol nahar iýilýän agaç gapdyr. Öý hojalygynda giňden ulanylýan agaç okaralar ululy-kiçili bolup, tut, söwüt, toraňňy, hoz, erik ýaly berk agaçlardan ýasalýar. Şeýle okaralar agaçlary köwmek arkaly taýýarlanypdyr. Olar köplenç reňklenmän, agajyň öz tebigy reňkinde bolupdyr. Şonuň ýaly-da keramiki okaralaram ýasalypdyr. Olar küýze ýasalyşy ýaly taýýarlanypdyr we dürli nagyşlar salnypdyr. IX — XV asyrlarda gülläp ösen Dehistan medeniýetiniň bize gelip ýeten tapyndylarynyň arasynda syrçaly okara saklanyp galypdyr. Ol XIV-XV asyrlara degişlidir. Toýundan edilen okara reňkli nagyşlar bilen bezelip, syrçalanypdyr. Onuň nagyşlarynyň birnäçe asyr geçse-de saklanyp galmagy şol döwrüň külallarynyň ussatlygyndan habar berýär.