Oklukirpi
Balkan welaýaty haýwanat dünýäsine örän baýdyr. Welaýatda haýwanlaryň ençeme görnüşi duş gelýär. Şolaryň biri-de oklukirpidir. Olar gemrijiler maşgalasyna degişli bolup, oklukirpileriň bedenleriniň uzynlygy 1 metre, agramy bolsa 27 kilograma çenli ýetýär. Ol dünýäniň köp ýerlerinde duşýar. Oklukirpileriň tikenleriniň reňki ala bolup, uzynlygy 40 santimetre, ini bolsa 7 millimetre golaýdyr. Guýrugyndaky ak tikenleri biraz gysga bolsalar-da, beýlekilerden gaty we ýogynrakdyr. Oklukirpiler ujy ýiti tikenlerini duşmanlaryndan goranmakda ezberlik bilen ulanýarlar. Oklukirpiler öwrüm-öwrüm edilip gazylan çuň hinlerde ýaşaýarlar. Gündizlerine uklap, gijelerine iýmitlenmäge çykýarlar, özleri-de, esasan, ösümlikler bilen iýmitlenýärler. Oklukirpiler tebigy şertlerde 15 ýyla çenli ýaşaýarlar.