Okuw-tejribe maslahaty
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň ilkinji gününde welaýat kitaphanasynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleriniň, milli medeniýetimize bagyşlanan neşirleriň sergisi guralyp, «Kitaphana ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek we kitaphanalarda elektron neşirleriň goruny döretmek işiniň esasy ugurlary» atly okuw-tejribe maslahaty geçirildi. Kitaphananyň giň zalynda ýurdumyzda neşir edilen kitaplaryň hem-de welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň çeken suratlarynyň sergisi guraldy. Ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen okuw-tejribe maslahatynda çykyşlara giň orun berlip, bu çäräniň kitaphana işini kämilleşdirmekde, öňdebaryjy iş tejribeleri öwrenmekde we ýaýratmakda ähmiýetiniň uludygy buýsanç bilen nygtaldy.