Okuwçy gyzlaryň bäsleşigi

Medeniýet
03.11.2025
21

Okuwçy gyzlaryň bäsleşigi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde yglan eden «Hünärli nesil — röwşen geljek» atly bäsleşiginiň Balkanabat şäher tapgyry welaýat merkezindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdepde geçirildi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen bäsleşige şäherdäki orta mekdeplerde hereket edýän gyzlar gurnaklarynyň agzalary gatnaşdylar. Bäsleşikde okuwçy gyzlar onuň şertlerine laýyklykda, öz okaýan mekdeplerinde hereket edýän gurnaklarda ýerine ýetirýän el işlerini, gyz edebini şahyrana wasp etdiler. El işlerini ýerine ýetirdiler. «Bereketli türkmen saçagy» atly kitap esasynda milli tagamlary taýýarlaýyşlaryny nakyllar, aýdyşyklar, gazallar arkaly aýdyp berdiler. Hamyr ýugrup, unaş kesmekde birek-birekden kem durmadylar. Netijede, 3-nji orta mekdebiň «Gülälek» gyzlar gurnagy birinji, 1-nji orta mekdebiň «Bägül», 7-nji orta mekdebiň «Bagtyýarlyk läleleri» gyzlar gurnaklary ikinji orunlara mynasyp boldular. Birinji orny eýelän topar bäsleşigiň Balkan welaýat tapgyryna gatnaşar.

Täze habarlar