Ömrüni sungata bagyşlan ussat
Belli artist, birnäçe döwlet sylaglarynyň eýesi, ýarym asyrdan gowrak döredijilik ýoluny türkmen aýdym-saz, opera, kino sungatyna bagyş eden Annagül Annagulyýewanyň halkymyzyň öňünde bitiren hyzmaty bimöçberdir. Esenguly etrabynda önüp-ösen zenan türkmen sungatynda görnükli yz galdyrdy. Ol 1936-njy ýylda Aşgabatdaky mugallymlary taýýarlaýan mekdebe okuwa girýär.
Okuwyndan daşgary çeper höwesjeňler gurnagynda aýdym aýdyp, özüniň labyzly owazy bilen diňleýjilere ruhy lezzet paýlaýar. 1937-nji ýylda geçirilen çeper höwesjeňleriň respublikan festiwaly ýaş zehine ilkinji üstünligini getirýär. Haýran galdyryjy owazy bilen diňleýjileri maýyl eden aýdymçy gyzyň ýerine ýetiren aýdymyna emin agzalary ýokary baha berýärler. 1941-nji ýylda paýtagtymyzda Türkmen döwlet opera we balet teatry açylansoň, Annagül Annagulyýewa şol teatra işe baryp, sungat ýoluna ymykly gadam goýýar. «Zöhre we Tahyr» operasynda baş keşbi ýerine ýetirmek heniz bu sungatdan ýeterlik tejribesi bolmadyk Annagül Annagulyýewa ynanylýar. Zöhräniň keşbini ýerine ýetiren Annagülüň «Ene jan» ariýasy türkmen opera sungatynda gaýtalanmajak ussatlyk hökmünde ykrar edilýär. Ol ençeme operalarda, çeper filmlerde dürli keşpleri ýerine ýetirýär. «Daşgaladaky waka», «Şasenem — Garyp», «Derýanyň aňyrsy serhet», «Ykbal», «Keçpelek» we beýleki çeper filmlerde oýnan keşpleri onuň tomaşaçylaryň arasynda giňden tanalmagyna getirýär. A.Annagulyýewanyň opera we balet sungatynda bitiren ýokary derejeli hyzmatlary üçin 1943-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 1952-nji ýylda bolsa «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly atlar dakylýar. 1965-nji ýylda bolsa görnükli sungat ussady «SSSR-iň halk artisti» diýen hormatly ada mynasyp bolýar.