Önümli gatlaklar özleşdirilýär

Ykdysadyýet
27.03.2023
255

Önümli gatlaklar özleşdirilýär

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Ekerem buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylary, esasan, Esenguly etrabynyň çägindäki tebigy meýdançalary senagat taýdan özleşdirmek işlerini alyp barýarlar. Täze önümli gatlaklaryň üstüni açmagy, ýerasty gatlaklary senagat taýdan özleşdirmegi maksat edinen ekeremli burawlaýjylar üstümizdäki ýylyň başyndan bäri 4 müň 220 metr çuňluk burawlamagyň hötdesinden geldiler. Şonuň 4 müň 34 metri ulanyş maksatly çuňluga degişli boldy. Göz öňünde tutulandan 170 metr çuňluk köp burawlan kärhananyň agzybir zähmet topary meýilnama 104,2 göterim hötde gelmegi başardy.