
Ösüşiň esasy guraly
Welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher geňeşiniň hem-de TMÝG-niň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň guramagynda talyp ýaşlaryň arasynda sanly tehnologiýa ulgamyndan we innowasion serişdelerden peýdalanmagyň medeniýetini düşündirmek maksady bilen, «Sanly bilim ulgamy-jemgyýeti öňe alyp gitmegiň esasy guraly» atly şygar astynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamynyň täze ösüşlere eýe bolýandygy, ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda, milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler barada giňişleýin gürrüň edildi.