Öwezberdi şyh kümmeti

Taryh
18.07.2025
351

Öwezberdi şyh kümmeti

Magtymguly etrabynda giçki orta asyrlara degişli hasaplanylýan ýadygärlikleriň birnäçesi bar. Şolaryň biri — XIV-XV asyrlar bilen senelenýän kümmet Ýuwangala obasynyň golaýynda, Magtymguly — Könekesir ýolunyň ugrunda ýerleşýär. Kümmet Öwezberdi şyh diýen adamyň hatyrasyna gurlupdyr. Bu şahsyýet barada anyk maglumatlar saklanyp galmandyr, ýöne Öwezberdi şyhyň din ugrunda söweşen adam bolandygy, onuň Magtymgulynyň pederleri bilen gatnaşykda bolandygy barada halk içinde rowaýatlar aýdylýar. Kümmetiň giçki orta asyrlarda gündogar binagärçiligine mahsus däpleri özünde jemleýändigini bellemek gerek. Onuň diwarlary ilkibaşda iri ölçegli bişen kerpiçlerden toýun palçykda örülipdir. Kümmetiň her diwarynyň içinde egmekli oýuklar edilen tagçalar bar. Binanyň içinde sandyk şekilli iki sany mazarüsti gurluşyk edilipdir. Kümmet özüniň gurluş aýratynlygy boýunça XIV-XV asyrlara degişli hasap edilýär. Tebigy hadysalar uzak ýyllaryň dowamynda bu binada hem öz möhürlerini goýupdyr. Ýüzýyllyklaryň içinden geçip, şu günlere gelip ýeten bu binada ussat türkmen rejeleýji ussalary tarapyndan doly abatlaýyş işleri ýola goýuldy. Binanyň ylmy taýdan gaýtadan dikeldiş işleri Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaki milli müdirliginiň alym hünärmenleriniň gözegçiliginde alnyp baryldy. Gadymy taryhy çeşmeler, arhiw materiallary, öň ýerine ýetirilen degişli çyzgylar öwrenilip, binanyň gaýtadan dikeldilen nusgasy taýýarlanyldy. Örän çylşyrymly, şol bir wagtda hem örän gyzykly bu rejeleýiş işleriniň ylmy esasda kadaly alnyp gidilmegini özara maslahatlaşmak üçin alym-binagärler yzygiderli gelip, ýerinde barlag işlerini geçirip durdular. Häzirki döwürde binanyň gümmezlerinde, girelgelerinde, diwarlarynda we beýleki ýerlerinde ýokary hilli rejeleýiş-berkidiş işleriniň ýerine ýetirilmegi bilen Öwezberdi şyh kümmetiniň durkuna howp salýan nogsanlyklar doly aradan aýryldy.

Täze habarlar