Päk zähmetden abraý alan, at alan

Jemgyýet
19.06.2023
232

Päk zähmetden abraý alan, at alan

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Gyzylarbat çeper halyçylyk kärhanasynyň önümhana halyçysy Bossan Nyýazmyradowa zähmet ýoluna Ahal welaýatynyň Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynda başlady. Irginsiz zähmet, yhlaslylyk, tutanýerlilik, başarjaňlyk Bossany halypalaryň hataryna çykardy. Öz işiniň ussady Bossan 2009-njy ýyldan bäri Gyzylarbat çeper halyçylyk kärhanasynda zähmet çekip, köplere görelde bolýar. Köne nusgalara täzeçe, döwrebap öwüşgin berýän çeper elli zenanlaryň biri Bossan Nyýazmyradowa:

Özüm ýaly halyçylaryň ençemesiniň hatarynda maňa-da «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly adyň dakylandygyny eşidenimde, hiç haçan ýatdan çykmajak ýakymly duýgulary başdan geçirdim. Bu şatlykly waka tutuş maşgalamyň başyny göge ýetirdi. Ejemden öwrenen kesbi-kärimi indi gyzymam dowam etdirýär. Goýýan hormat-sarpasy, dakan hormatly ady üçin hormatly Prezidentimize ene ýüregimden aýdýan alkyşymyň çägi ýokdur. Inçe sungatymyzyň gadymy nusgalaryna täzeçe öwüşgin çaýyp, ony geljekki nesillere ýetirmek üçin gije-gündiz yhlasymy gaýgyrmaryn — diýip, ýürek buýsanjyny beýan etdi.