Palas

Medeniýet
21.04.2025
154

Palas

Palas halkymyzyň durmuşynda gadymdan bäri ulanylýan düşekleriň biridir. Ol özüniň berkligi, ulanmak üçin amatlylygy we owadanlygy bilen tapawutlanýar. Kähalatlarda palaslary diňe bir goýun ýüňünden däl-de, eýsem, geçiniň çöpürinden taýýarlanan ýüplüklerdenem ýa-da diňe argajyny geçi çöpürindenem dokamak bolýar. Eger-de dokaljak palasyň ýüwürdimi geçiniň çöpürinden ediljek bolsa, onda arassalanan geçi çöpürini egrip, iki gatlap, towuny gowy berip, ýumak edip, bir-iki gün goýulýar. Ýene-de bir artykmaçlygy, ol hem geçi çöpürine salynýan nagyşlaryň öýdümi ýerbe-ýer, ondan taýýarlanan ýüplük siňňitli bolýar.

Goýun ýüňünden palas üçin ýüňler saýlanyp alynýar. Ondan soňra ýüňler arassalanyp ýuwulýar. Olardan erişlik, argaçlyk saýlanylýar. Erişlik ýüň boýalmaýar, diňe ýerligi we nagyşlary üçin ulanyljak ýüňler, ýagny dakymlyk ýüpler boýalýar. Ýüňler boýalanda, endigan, hemme ýeri reňk alýança boýagdan çykarylmaýar. Bu işde ýörite boýag taýagy ulanylýar. Şonuň bilen yzygiderli bulap dursaň, boýagy endigan alýar. Soňra ýüňler boýagdan çykarylyp, ýuwlup-durlanyp, Güne serilýär. Munuň üçin ýörite ýüpler gerilýär. Ýüňler gurandan soň, olary elde düýtmeli we ýüňdarakda daramaly. Darakdan geçirilen ýüňleri pişgelemeli. Ondan soň ýüňler ikde egrilýär.

Dokma ýüwürdilip bolnansoň, erişleriň arasyndan darty agajy geçirilýär. Soňra erişler küji agajynyň kömegi bilen endigan küjülenýär. Dokma dokamakda darty we küji agaçlary esasy serişde hasaplanýar. Türkmen palasynyň milli aýratynlyklarynyň biri halylaryňky ýaly onuň hem ýerliginiň gyzyl reňkde ýerine ýetirilmegidir. Palas halydan tapawutlylykda, öýdelip dokalýar. Palas önümleriniň arasynda sep palas, sallançak kilim, ojakbaşy, gapy kilim, çuwal, argyş çuwal, torba, namazlyk, at torba, aşyk torba, duz torba, uk ujy, ikselik ýaly önümleri görkezmek bolar.