Pälwanlar üstünlikli çykyş etdiler

Sport
06.06.2026
52

Pälwanlar üstünlikli çykyş etdiler

Aşgabatdaky Türkmen döwlet bedenterbiýe institutynda 2005 — 2008-nji ýyllarda doglan türgenleriň arasynda türkmen milli göreşi boýunça bu ýokary okuw mekdebiniň açyk çempionaty geçirildi. Ýaryşa Bereket etrabynyň sport mekdebiniň türgenleri hem gatnaşyp, oňat netijeleri görkezmegi başardylar. Olardan Kerwen Gulmanow 90 kilogram agram derejesinde çykyş edip, altyn medala eýe çykmagy başardy. 62 kilogram agram derejesinde ýaryşa gatnaşan Halmämmet Şamämmedow hem ähli garşydaşlaryndan üstün çykyp, birinji orny eýelemegiň hötdesinden geldi. Şeýle-de 90 kilogram agram derejesinde çykyş eden türgenlerden Rüstembeg Sahadow kümüş medala, Atamyrat Garajaýew  bürünç medala mynasyp boldular. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Guşakly göreş görnüşleri federasiýasynyň guramagynda 2008-nji, 2009-njy, 2010-njy ýyllarda doglan ýaşlaryñ arasynda türkmen milli göreşi we guşakly alyş göreşi boýunça Daşoguz şäherinde geçirilen ýurdumyzyň birinjiliginde hem Bereket etrabynyň sport mekdebiniñ türgenleri hem ýokary netijeleri görkezdiler. Olardan Erkin Gaýypow, Selim Annanazarow türkmen milli göreşi boýunça altyn medallara, Rahym Nedirhanow kümüş medala mynasyp bolmagy başardylar. Amanmämmet Garajaýew guşakly alyş göreşi boýunça altyn medala, Kerwen Gulmanow we Erkin Gaýypow bürünç medallara eýe çykdylar. Ýakynda Bereket etrabynyň sport mekdebinde dabara geçirilip, ýokarda agzalan ýaryşlarda üstünlikli çykyş eden türgenlere we olaryň tälimçisine gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy.