Peder ýoly dowam edýär
Goja Hazary ýakalap oturan, balykçylaryň mekany hasaplanylýan, şahandaz halkly Esenguly etrabynda aýdym-saz sungatyny nesilme-nesil, arkama-arka dowam etdirip gelýän maşgalalar az däl. Ömrüni sungata bagyşlan, aýdym-saz bilen halka lezzet paýlaýan, etrap medeniýet merkeziniň aýdym-saz toparynyň çeper ýolbaşçysy Bäjikguly Gurbanberdiýewi hem şeýle maşgalanyň dowamaty hökmünde buýsanç bilen görkezmek bolar. Il arasynda “Ataş sazanda” ady bilen tanalýan bu ýigit diňe bir saz çalmak bilen çäklenmän, eýsem, ata Watanymyzy, ene topragymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlaryň sazyny hem döredijidir. Onuň döreden sazlaryna aýdylýan aýdymlar halk köpçüligi tarapyndan söýlüp diňlenilýär.
«Owal akan ýerden akarmyş aryk», «Ata kesbi—ogly halal» diýip, pederlerimiz gaty ýerlikli belläpdirler. Bäjikgulynyň kakasy Meretberdi Gurbanberdiýew hem özüniň ömründe klarnet saz guralynda ajaýyp sazlary çalan, sungatda özboluşly yz goýup giden adamdyr.
Bäjikguly Gurbanberdiýew 1990-njy ýylda Esenguly etrap çagalar sungat mekdebinde zähmet çekip ugraýar. Soňra etrap medeniýet merkeziniň aýdym-saz toparynyň çeper ýolbaşçysy bolup işläp başlaýar. Merkezde işe başlan ilkinji günlerinden göwnaçyklygy, adamkärçilik sypatlary, özboluşly zehini bilen özüni aldyrýar. Ol ajaýyp sazlary döretmek bilen birlikde, öz döreden sazlary esasynda aýdymlary mahmal owazy bilen ýerine ýetirmekde-de adygandyr. B.Gurbanberdiýew 2002-nji ýylda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanýar. Bu bolsa onuň göwün guşuny ganatlandyrýar, ylhamyna ylham goşýar.
Esenguly şäherinde olaryň maşgalasy «Owazly nesil» diýlip hem atlandyrylýar. Çünki Bäjikgulynyň doganlary Arazberdidir, Gurbanberdi hem medeniýet ulgamynda zähmet çekýärler, sungata berlen adamlar. Şu ýerde ýene bir ýagdaýa ünsi çekmek isleýäris. Bäjikgulynyň babasy Gurbanberdi Çaryýew 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyp, uruş gutarandan soňra ojagyna dolanyp gelip, dutar ýasamak senetçiligini dowam etdirýär. Ýasan dutarlarynda özi sazlary hem ýerine ýetirýär. Agtyklaryny saz sungatyna gönükdirýär. Onuň ýasan dutarlarynda bu gün ajaýyp zamanamyzyň waspy ýaňlanýar. Şeýle-de Gurbanberdi aga zergärçilik bilenem meşgullanyp, onuň ýasan şaý-sepleri küştdepdini, ajaýyp gazallary ýerine ýetirýän gelin-gyzlarymyzyň gözelligine görk goşýar.
Sungat maşgalalarynyň dowamat-dowamy bolan Bäjikguly Gurbanberdiýewiň durmuşy «Türkmenistan—parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda şatlykly hem buýsançly waka beslendi. Ol iň gowy aýdym-saz eserleri üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.
Elbetde, «Işleseň, il tanar» diýipdirler. Biz kalby aýdym-sazdan, ýüzi nurdan doly sungat ussadyndan öňünde goýan maksatlary barada soranymyzda, ol ruhubelentlik bilen şeýle diýdi:
Döredýän sazlarym halk köpçüligine ýarasa, meniň üçin şondan uly bagt ýok. Oglum Röwşen, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyny üstünlikli tamamlap geldi, onuňam işi aýdymdyr saz bilen bagly. Maşgalamyzyň nesilme-nesil geçip gelýän sungat ýoluny dowam etdirer diýip umyt edýärin. Geljekde mähriban Watanymyzy, bagtyýarlyga beslenýän döwrümizi wasp edýän täze-täze aýdymlary dörederis.