Pederlerden miras galan deri önümleri
Türkmen halkynyň milli senetçiliginde deriden edilen önümler uly orun tutupdyr. Deri önümleri, şol sanda deri gap-gaçlary halkymyzyň maddy medeniýetiniň esasylarynyň biri bolupdyr. Deri önümleriniň taýýarlanylyşynyň inçe tilsimleri, tejribeleri nesilden-nesle geçip, olar durmuş hajatlary üçin giňden peýdalanylypdyr.
Ata-babalarymyz deriden possun, içmek, telpek, çaryk, çokaý, köwüş, çepek, ýelken, meşik, tulum, sanaç, kendirik ýaly önümleri taýýarlap ulanypdyrlar. Deri önümlerini taýýarlamagyň birnäçe usullary bolupdyr.
Pederlerimiz mal soýlan dessine deriniň iç ýüzüne birsydyrgyn duz sepip, bir hepdä golaý saklapdyrlar. Soňra deriniň duzuny aýryp, kölegede guradypdyrlar. Gerekli wagtyň geçmegi bilen, derä borjak ösümliginiň şiresini çalyp, ýene-de on bäş gün saklapdyrlar. Duza hem-de borjagyň şiresine mazaly eýlenen deri näçe köp dursa, şonça-da berk bolupdyr.
Guradylan süýt önümlerini we miweleri saklamak üçin ulanylýan deri gap bolan sanaç geçiniň, goýnuň, keýigiň derisinden edilipdir. Sanajyň içinde sargan, akgurt, garagurt ýaly önümler saklanypdyr.
Hamyr üçin kendirikler hem öňler deriden bolup, ol sanaçlyk deriden kesilip alnypdyr. Çarwa türkmenleri daş gap-gaçlar döwülmez ýaly ýörite deriden ýasalan serkeçleri ulanypdyrlar. Serkeç gap goýar ýaly boşlukdan, gapakdan we guşakdan ybarat bolupdyr. Gumda ýaşaýan ildeşlerimiz guýudan suw çykarmak üçin gowa ulanypdyrlar. Ol düýäniň ýa-da öküzçäniň hamyndan taýýarlanyp, örän berkligi we göwrüminiň ululygy bilen tapawutlanypdyr.
Deriden, gönden edilen önümler: eşikler, aýakgaplar, gap-gaçlar ir döwürlerden bäri halkymyzyň durmuşynda uly orun tutup, olar ýaşaýyş hajatlary üçin ulanylypdyr. Häzirki döwürde-de deriden taýýarlanýan önümler özleriniň ýokary hilliligi, berkligi bilen tapawutlanyp, halk arasynda uly islegden peýdalanýar.