Polat ýollaryň geljegi hakynda maslahat

Sport
17.04.2024
266

Polat ýollaryň geljegi hakynda maslahat

Ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäherinde dowam edýän DÝHG agza ýurtlaryň Baş direktorlarynyň 38-nji maslahaty halkara demir ýol hyzmatdaşlygynyň täze ösüşi bilen baglanyşykly birnäçe meseleleri öz içine alýar. Geçirilýän halkara foruma DÝHG agza 30 ýurtdan demir ýol edaralarynyň wekiliýetleri gatnaşýar.

Paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanasynda dowam edýän forum 15-19-njy aprel aralygynda geçirilmegi meýilleşdirilen. Maslahatda DÝHG sebitinde ulag logistikasynyň häzirki möhüm meseleleri, Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda tranzit gatnawy, maýa goýum taslamalary we başga-da birnäçe meseleleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylar. DÝHG Baş direktorlar konferensiýasynyň 38-nji maslahaty, guramanyň agza ýurtlarynyň demir ýol administrasiýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy öňkiden hem has pugtalandyrmak üçin esasy ädim bolar we Ýewraziýa giňişliginde demir ýol ulaglarynyň ösmegine uly goşant goşar.