Pöwrize daşy

Syýahatçylyk
08.02.2024
807

Pöwrize daşy

Zergärlerimiziň türkmen zenanlarynyň şaý-seplerini ýasanlarynda, dürli gymmmatbahaly daşlardan peýdalanypdyrlar. Olaryň içinde pöwrize daşy aýratyn many-mazmuna eýe bolupdyr. Şaý-sepleriň içinde aýratyn-da altyn çaýylan kümüşden ýasalýan tumar hakyk we pöwrize daşy bilen bezelipdir. Zergär ussalar diňe ony bezeg şaýlaryna oturtman, eýsem, dürli görnüşli monjuklary ýasapdyrlar. Bu daş gögümtil-ýaşyl ýa-da ýaşyl reňkde bolup, “bagt getirýän” diýen manyny berýär. Pöwrize daşynyň gadymy döwürlerden bäri ulanylyp gelinýändigini taryhy maglumatlar subut edýär. Hatda köşkleri, ajaýyp binalary hem pöwrize daşy bilen bezäpdirler. Margiananyň gadymy paýtagty Goňurdepede geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde pöwrize daşlaryndan ýasalan monjuklaryň tapylmagy munuň şeýledigini subut edýär.

Pöwrize daşy bilen bagly yrym-ynançlar saklanyp galypdyr. Bu daşyň bagt, ýeňiş getirýändigine ynanylypdyr. “Pöwrize daşy bilen bezelen şaý-sepleri dakynanlar bagtyýar durmuşda ýaşarlar” diýlip yrym edilipdir.

Täze habarlar