Pyşbaga

Ýurduň çäginde
18.09.2025
269

Pyşbaga

Pyşbaga bedeni çanaklyk bilen örtülen süýrenji bolup, haýal hereketi bilen tapawutlanýar. Ol Antarktidadan başga ähli yklymlarda duş gelýär. Pyşbagalaryň köpüsi gury ýerde, kölleriň kenarynda we derýa ýakalarynda ýaşasa, käbiri ummanlarda, käbir görnüşi bolsa tokaýlarda we çöllerde ýaşaýar. Pyşbagalar howp abanan ýagdaýynda uzyn boýnuny, gysga aýaklaryny we guýrugyny çanagynyň içine düýrläp goranyp bilýärler. Gury ýer pyşbagalarynyň öňki we yzky aýaklarynyň barmagynda dyrnaklary bolýar. Deňiz pyşbagalarynyň barmaklarynyň arasynda perdesi bolup, suwda ýüzmegini üpjün edýär. Balykdan tapawutlylykda, deňiz pyşbagasy suwuň düýbünde dem almaýar. Şor suwa uýgunlaşan pyşbagalar suwuň ýüzüne çykyp, dem alandan soň, ýene-de aşak çümýärler. Pyşbagalaryň köpüsi ösümlikler bilen iýmitlenýän hem bolsa, olaryň gurçukdyr mör-möjek iýýän görnüşleri hem bar. Olaryň käbiri çanagynda ýag toplaýar hem-de birnäçe hepdeläp hiç zat iýmezden oňup bilýär. Köpeliş möwsüminde pyşbagalar beýleki süýrenjiler ýaly ýumurtgasynyň üstünde oturmaýarlar. Olar köpeltmek üçin çukur gazyp, ýumurtgasyny ýere gömýärler. Deňiz pyşbagalary hem ýumurtgalamak üçin çägelik meýdana gelýärler. Howanyň sowamagy bilen pyşbagalar palçyga gömlüp ýatýarlar, emma gyş ukusyna gitmeýärler.