Raýatlyk pasportlary gowşuryldy

Çäreler
29.03.2025
438

Raýatlyk pasportlary gowşuryldy

Balkanabat şäher polisiýa bölüminiň ilaty pasportlaşdyrmak we hasaba almak bölümçesi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher geňeşi bilen bilelikde dabaraly çäre geçirdi. «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde geçirilen çärede on alty ýaşyny dolduran ýaşlara Türkmenistanyň raýatlyk pasporty gowşuryldy.

Dabaraly çärede edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, ýurdumyzda hereket edýän «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Kanuna laýyklykda, ýaş nesiller barada edilýän aladalar bimöçberdir. Şeýle aladalar ýaşlaryň diňe bir bilim-terbiýe almaklaryny, hünär öwrenmeklerini gazanmak bilen çäklenmän, olarda ruhy-ahlak, medeni gymmatlyklara, halal zähmete söýgi döretmek, ýaşlaryň hukuklaryny üpjün etmek ýaly ugurlary hem öz içine alýar.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň raýatlyk pasportyny alan ýaşlara ata Watanymyza, il-günümize wepaly adamlar bolup ýetişmekleri arzuw edildi.

Täze habarlar