Rysgal-berekediň gözbaşy
Welaýatymyzda bugdaý ekişine guramaçylykly girişildi. Bugdaý ekişi mynasybetli welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen maslahatda bugdaý ekişini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýokary guramaçylykda hem-de öz wagtynda geçirmekde, kuwwatly tehnikalary gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz işletmek bilen, olaryň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmakda öňde durýan möhüm wezipeleriň üstünde durlup geçildi. Soňra Gyzylarbat etrabynyň D.Azady adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän «Ezber eller» hojalyk jemgyýetiniň bereketli ekin meýdanynda, asylly däbe görä, il içinde uly sylag-sarpanyň eýesi bolan ýaşulularyň «Bismillasy» bilen bugdaý ekişine girişildi. Dabaranyň geçýän ýerinde guralan maslahata gatnaşyjylar welaýatymyzyň ekin meýdanlarynda ekiljek bugdaý tohumlarynyň görnüşleri bilen tanyşdyryldy. Şu möwsümde ekin dolanyşygyna girizilen ýerlerde bugdaýyň ozal synagdan geçen «Serdar», «Arkadag», «Pyragy», «Alekseýiç» we «Bezostaýa 100» ýaly görnüşleri ekiler. Şanly ýylda welaýatymyzda 50 müň gektara azyklyk bugdaý tohumy ekilip, ondan geljek ýylyň orak möwsüminde 80 müň tonna guşgursak däne hasyly ýygnalar. Bu ýerde bugdaý ekişiniň başlanmagy mynasybetli guralan dabara oňa gatnaşanlarda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy.