Saçaklarymyzy bezeýän gök önümler

Ykdysadyýet
10.01.2024
170

Saçaklarymyzy bezeýän gök önümler

Balkan welaýatynyň hususyýetçileri hem oba hojalygynda gazanylýan üstünliklere saldamly goşantlaryny goşýarlar. Olar ilaty ter gök önümler bilen bökdençsiz üpjün etmekde ýyladyşhana hojalyklarynyň işine uly ähmiýet berýärler. Welaýatyň mülkdarlarydyr telekeçileri ýyladyşhana şertlerinde ösdürilip ýetişdirilýän gök ekinleriň dürli görnüşine ideg etmekde, bitginli hasyl almakda baý tejribe topladylar.

Häzirki günlerde Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinde, Magtymguly, Gyzylarbat, Bereket etraplarynda gurlan döwrebap ýyladyşhanalarda bitirilýän işler hem aýdylanlara doly şaýatlyk edýär. Ol ýerlerde şu günler ýetişdirilen ýokary hilli pomidor, hyýar, bolgar burçy ýaly gök önümleriň bol hasyly ýygnalyp, terligi bilen welaýatyň etrap-şäherleriniň hem-de paýtagtymyz Aşgabadyň sarp edijilerine ýetirilýär. Ýyladyşhanalarda talabalaýyk agrotehniki ideg ýola goýlup ýetişdirilýän, ekologiýa taýdan arassa gök önümleriň ak bazarlara çykarylýan möçberleri barha artýar.

Giň mümkinçilikler döredilen döwrebap ýyladyşhanalarda hasyl ýygnamak bilen bir hatarda, zerur ideg işleri hem utgaşykly alnyp barylýar. Gök önümleriň ýyladyşhana görnüşleriniň aýratynlygy olaryň birbada kemala gelmän, tapgyrlaýyn hasyla durmagynda jemlenendir. Hojalyklarda ýetişdirilýän gök önümler ýurdumyzyň içerki bazary bilen bir hatarda, daşary ýurtly sarp edijilere hem ugradylýar. Esasan-da, ýokary hilli gök önümler Russiýa Federasiýasy, Gazagystan, Täjigistan ýaly döwletlere eksport edilýär.