Şadyýan çagalar, şatlykly günler

Ýurduň çäginde
08.07.2023
427

Şadyýan çagalar, şatlykly günler

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesinde ýerleşýän «Gara altyn» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde çagalar wagtlaryny şatlykly geçirýärler. Birbada 400 çagany kabul etmäge niýetlenen merkezde olaryň oýnamagy, öwrenmegi we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy, wagtlaryny hoş geçirmegi üçin ähli amatlyklar bar. Merkezde dynç alýan çagalar kinofilmlere, multfilmlere we türkmen halk ertekileri esasynda sahnalaşdyrylan oýunlara tomaşa edýärler. Sport çäreleri, zehin bäsleşikleri yzygiderli geçirilip, çagalaryň bedenleriniň berkemegine, zehinleriniň, ukyp-başarnyklarynyň ýüze çykmagyna ýakyndan ýardam edýär.

  • Sapaly tomus möwsüminiň dowam edýän günlerinde merkezimizde çagalaryň oňat dynç almagy üçin ähli şert-mümkinçilikler bar. Olaryň wagtlary gyzykly geçýär. Her günde säher bilen maşk etmekden başlanýan hereketler yzygiderli dowam etdirilýär. Çagalar guralýan ýaryşlara, çärelere höwes bilen gatnaşýarlar. «Kim çalasyn?», «Ýaş ýol gözegçisi», «Ýaş sürüji», «Ökde suratkeş» ýaly bäsleşikler olaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga ýardam edýär — diýip, «Gara altyn» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň uly terbiýeçisi Gülşat Rahmanowa gürrüň berýär.

Täze habarlar

Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde