Sagat gaby
Türkmen senetçiliginde keşdeçilik sungatyna aýratyn orun degişlidir. Zenanlar ir döwürlerde-de hojalykda ulanýan zatlaryny aýap saklamagyň ýokary medeniýetine eýe bolupdyrlar. Zähmet gurallaryny, enjamlarynyň çyzylyp ýa-da döwlüp zaýalanmagyndan, tozan siňmeginden gorapdyrlar. Şol maksat bilenem olaryň daşyna gap, daşlyk taýýarlapdyrlar. Muňa mysal hökmünde dutar gaby, gyjak gaby, sagat gaby, duztorba, çaýhalta, gapjyk, ikselik, horjun, elbukja ýaly birnäçe görnüşleri mysal getirmek bolar. Gyz-gelinlerimiz matadan tiken daşlyklarynyň ýüzüni keşde bilen bezäpdirler. Matadan tikilip ýüzi keşdelenip ýörite taýýarlanan esbaplaryň biri-de tegelek şekilli jübi sagatlarynyň gaplarydyr. Aýal-gyzlarymyz jübi sagatlaryny salmak üçin ýörite matadan gap tikipdirler. Sagat gaplary tegelek, dörtburç, süýri görnüşde bolup, iç ýüzüne içlik edilip, agzyna ýüp çatypdyrlar ýa-da ilik dakypdyrlar. Sagat gaplarynyň ýüzüne “dörtgoçak”, “çaňňa”, “dogajyk” ýaly nagyşlar salnypdyr. Merkezi nagşyň töwereginden “akgaýma”, “alaja”, “egrem”, “sekizkeşde” ýaly nagyşlary sünnäläpdirler. Gabyň gyrasyny bolsa dürli reňkli sapaklary gezekleşdirip, gyýak görnüşde nagyşlapdyrlar.