Sagdyn durmuş ýörelgesiniň waspy
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli dabaraly çäreler Balkan welaýatynda giň gerime eýe bolup, Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinde geçirlen köpçülikleýin welosipedli ýörişleri olaryň hatarynda esasy wakalar hökmünde görkezmek bolar. Welaýat derejesindäki dabaraly çäreler bolsa Balkanabat şäherinde geçirilip, ir säherden «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanynda başlanan köpçülikleýin welosipedli ýöriş baýramçylyk çäreleriniň özboluşly badalgasyna öwrüldi.
«Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanyndan «Ilkinjiler» ýadygärligine çenli dowam eden welosipedli ýörişe edara-kärhanalaryň, guramalaryň işgärleri, talyp ýaşlar, türgenler uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Ýurdumyzda welosiped sportunyň ösmegine hemişe uly üns berilýändiginiň, sport bilen meşgullanmagy gündelik durmuş endiklerine öwren raýatlarymyzyň barha köpelýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrülen ýörişiň geçýän ýolunyň ugrunda medeniýet we sungat ussatlarynyň, çeper höwesjeňleriniň aýdym-sazly çykyşlarynyň guralmagy çäräniň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrdy.
Halkara baýram mynasybetli Balkanabat şäherindäki köpugurly sport toplumynyň öňündäki meýdançada geçirilen aýdym-sazly dabara sporty ösdürmegiň, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sagdyn durmuş ýörelgesini rowaçlandyrmagyň döwlet syýasatynda esasy ugurlaryň birini eýeleýändigini nobatdaky gezek görkezdi. Türgenleriň ýaýbaňlandyran görkezme çykyşlary sportuň dürli görnüşleri boýunça kämilleşýän ýaşlaryň barha köpelýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanyp, Balkan welaýatynyň ähli etrap-şäherlerindäki edara-kärhanalarda, bilim-terbiýe ojaklarynda, sport desgalarynda döwrebap binalaryň öňündäki giň meýdançalarda sport we önümçilik maşklary köpçülikleýin ýerine ýetirildi, dürli sport ýaryşlary, medeni çäreler guralyp, olar uzakly gün dowam etdi.