“Sagdyn nesil- bagtly nesil”

Medeniýet
19.04.2024
283

“Sagdyn nesil- bagtly nesil”

Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagz etmek, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek maksady bilen ýurdymyzda her ýylyň aprel aýynda saglyk aýy bellenip geçirilýär.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde hem belli senelerde we milli baýramçylyklara bagyşlanyp temalaýyn wagtlaýyn sergileri guramak däp bolup gelýär. Şeýle sergileriň biri hem “Sagdyn nesil- bagtly nesil” ady bilen “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi bilen bilelikde guralyp, onda “Deňizçi“ futbol komandasynyň eýe bolan sylaglary we sport hakynda gürrüň berýän muzeý gymmatlyklar sergilendi. Muzeý hünärmenleri muzeýi görmäge gelýänlere guralan sergi boýunça gyzykly we täsirli gürrüňleri berýärler. Şu gün hem muzeýde şäherimizdäki orta mekdepleriň okuwçylary we mugallymlary bilen bilelikde sagdyn durmuş ýörelgeleri we sport hakynda gürrüňdeşlik çäresi guraldy. Seýle hem muzeýiň ekspozision bölümleri boýunça ekskursiýalar guraldy. Muzeýde guralan bu sergi aprel aýyň ahyryna çenli dowam eder.

Täze habarlar

Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde