Saglygyň sarpalanýan senesi
Bütindünýä saglyk güni Balkan welaýatynda ýokary guramaçylyk derejesinde bellenilip geçildi. Her ýylyň 7-nji aprelinde bellenilýän halkara senäniň esasy dabaraly çäreleri Balkanabat şäherinde geçirildi. «Türkmeniň ak öýi» binasynyň, köpugurly sport toplumynyň öňündäki meýdançalarda guralan aýdym-sazly medeni-sport çäreleri ýurdumyzyň bagtyýarlygyň, sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekanydygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Baýramçylyk keşbine beslenen meýdançalarda belent heňlerde ýaňlanan şirinden-şirin aýdym-sazlarda, joşgunly tanslarda bedew batly ösüşlere beslenýän eziz Diýarymyzyň, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň, sagdynlygyň, sportuň waspy öz beýanyny tapdy. Baýramçylyk dabaralarynda türgenleriň görkezme çykyşlary ýaýbaňlandyrylyp, olaryň ýurt we halkara derejedäki ýaryşlarda gazanan sylaglarynyň sergisi hem guraldy. Bütindünýä saglyk gününiň esasy çäresi köpçülikleýin welosipedli ýöriş boldy. «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanyndan badalga berlen ýörişe edara-kärhanalaryň, guramalaryň wekilleri, talyp ýaşlar, türgenler ýokary ruhubelentlikde gatnaşdylar. Welaýat merkeziniň döwrebap şaýollarydyr köçeleri bilen birnäçe kilometre dowam eden ýöriş ýurdumyzda welosiped sportunyň uly meşhurlyga eýe bolandygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi. Saglygy berkitmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini, sporty wagyz etmekde, ýaş nesilleriň olara bolan höwesini, söýgüsini artdyrmakda örän ähmiýetli bolan köpçülikleýin welosipedli ýörişiň geçýän ugrunda ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlar, tanslar, sport maşklary çäräniň many-mazmunyny has-da artdyrdy. Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan medeni-sport çäreleri, köpçülikleýin welosipedli ýörişler Balkan welaýatynyň ähli etrap-şäherlerinde hem ýokary derejede geçirildi.