Saglygyň sarpasynyň belende galýan döwri

Sport
07.04.2025
53

Saglygyň sarpasynyň belende galýan döwri

Bütindünýä saglyk güni Balkan welaýatynda hem ýokary ruhubelentlikde geçirildi. Şol gün welaýatyň çar künjegi baýramçylyk keşbine beslendi. Welaýat derejesindäki esasy çäreler bolsa Balkanabat şäherinde geçirilip, «Türkmeniň ak öýi» binasynyň, şeýle-de köpugurly sport toplumynyň öňündäki meýdançalarda ir säherden ýaňlanyp başlan aýdym-sazyň şirin owazy kalplary özboluşly ruhubelentlige besledi. Sungat ussatlarynyň uly joşgun bilen ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda eziz Watanymyza egsilmez söýgi, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň, saglygyň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň, sportuň waspy öz beýanyny tapdy. Türgenleriň sportuň dürli görnüşleri boýunça ýerine ýetiren görkezme çykyşlaryna, welaýatymyzyň ussat türgenleriniň ýaryşlarda gazanan sylaglarynyň sergisine hem uly höwes bilen tomaşa edildi. Bütindünýä saglyk gününiň esasy çäresine — köpçülikleýin welosipedli ýörişe «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanyndan badalga berildi. Edara-kärhanalaryň, guramalaryň wekilleriniň, talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda guralan köpçülikleýin welosipedli ýöriş sportuň bu görnüşini dünýäde wagyz etmekde hem-de ýaýbaňlandyrmakda aýratyn işjeňlik görkezýän ýurdumyzda onuň meşhurlygynyň barha artýandygyny nobatdaky gezek görkezdi. Ençeme kilometr uzaklyga guralan ýörişiň geçýän ugrunda aýdym-sazlar belentden ýaňlanyp, sportuň birnäçe görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary, sport maşklary giň gerimde ýaýbaňlandyryldy. Umuman, ýokary ýokary ruhubelentlikde geçen köpçülikleýin welosipedli ýöriş sagdyn durmuş ýörelgesiniň ajaýyp zamanamyzda tutuş jemgyýetimizi gurşap alandygynyň subutnamasy bolup dabaralandy.

Täze habarlar

Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde