
Saglyk — bagtyýarlygyň gözbaşy
Balkan welaýat kitaphanasynda welaýat onkologiýa hassahanasynyň geçiren wagyz-nesihat çäresi «Saglyk — bagtyýarlygyň gözbaşy» diýlip atlandyryldy. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň howply täze döremeleriň öňüni almak we onuň garşysyna göreşmek maksady bilen yglan eden biraýlygynyň çäklerinde geçirilen çärede Aşgabat şäherindäki Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň hem-de welaýat onkologiýa hassahanasynyň lukmanlary çykyş edip, onkologiki keselleriň öňüni almak, olaryň garşysyna göreşmek boýunça ýerine ýetirilmeli toplumlaýyn işler barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň lukmanlary çärä gatnaşyjylaryň sowallaryna anyk jogaplary berdiler.