Saglyk-Gymmatly Baýlyk

Sport
22.04.2024
575

Saglyk-Gymmatly Baýlyk

Bütindünýä saglyk güni dostlugyň we parahatçylygyň, sportyň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini, jebsligini alamatlandyrýan şanly sene hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun eýeleýär. Biziň diýarymyzda “Pähim-Paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem ýaz paslynyň gelmegi, jana şypaly günlerinde bu halkara baýram ýokary ruhubelentlikde giňden bellenilýär. Bütindünýä saglyk gününiň şanyna köpçülikleýin bedenterbiýe sport we sagdyn durmuş, medeni maksatly çäreleriň geçirilmegi sagdynlygyň, ruhybelentligiň ýurdy hökmünde döwletimiziň abraýyny dünýä ýaýýar. Häzirki döwürde raýatlarymyzyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak Hormatly Prezidentimiziň Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda dünýä ülňelerine laýyklykda gurulup ulanylmaga berilýän merkezler ylymda iň soňky gazanylan tehniki serişdeleri bilen üpjün edilen dynç we sagaldyş merkezleri, sport toplumlary ynsan saglygyny berkitmekde halkymyza hyzmat edýär. Türkmenistanda ilatyň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmak babatynda 2018-2025-nji ýyllar üçin milli strategiýanyň kabul edilmegi ynsanyň saglygyny gorap saklamak we sagdyn-durmuş ýörelgelerine eýermek babatyndaky uly aladalaryň aýdyň beýanydyr. Merdana pederlerimiziň halallyk, pespällik, ruhubelentlik ýaly häsiýetleriň ruhy sagdynlykda ähmiýetlidigini, islendik döwürde hem zyýanly endiklerden gaça durup, sagdyn ýörelgelerine eýermegiň möhümdigini nesillerine wesýet edipdir.