Sahna ussatlary Balkanabatda

Medeniýet
04.05.2026
139

Sahna ussatlary Balkanabatda

Ýakynda Türkmenistanyň A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň döredijilik topary Balkanabat şäherinde döredijilik saparynda boldy. Sahna ussatlarynyň Balkan welaýat döwlet drama teatrynda çagalar hem-de ulular üçin birnäçe günläp görkezen gyzykly sahna oýunlary tomaşaçylara ruhy lezzet paýlady. Gülküli sahnalar, dostlukly halkyň durmuş ýörelgelerini, ruhy-ahlak gymmatlyklaryny beýan edýän çuň mazmunly sahna oýunlary teatr muşdaklarynyň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşy alyndy. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijileri bolan Aýna Jumaýewanyň, Alina Andronowanyň, şeýle-de artistler Magtymguly Gurbanowyň, Tatýana Öwezmyradowanyň, Sofiýa Stepanýansyň zehin-başarnyklaryny, ussatlyklaryny nobatdaky gezek açyp görkezen sahna oýunlary dürli temalary özünde jemledi.