Sahna ussatlarynyň täsirli çykyşlary

Medeniýet
15.10.2026
39

Sahna ussatlarynyň täsirli çykyşlary

Golaýda A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň artistleri welaýatymyzyň Gyzylarbat, Bereket etraplarynda, welaýat merkezinde hem-de Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesinde döredijilik saparynda boldular. Türkmenistanyň at gazanan artisti Olga Wolkowanyň, tejribeli sahna goýujylar Kyýas Gurbanowyň, Baýram Garajaýewiň sahnalaşdyran «Puşkin», «Güýzki wals», «Erkek kişiniň zenanyňka gelmegi», «Sahnanyň gudraty», «Gündogar owazy», çagalar üçin niýetlenilen «Tokaýdaky sirk», «Şadyýan möjek» ýaly sahna oýunlary teatr muşdaklarynyň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijileri Alina Andronowa, Kerim Ataýew, şeýle-de artistler Tatýana Öwezmyradowa, Merdan Nurmuhammedow, Atageldi Guseýnow, Mihail Rogow özlerine ynanylan keşpleri ussatlarça ýerine ýetirmegi başardylar. Sahna oýunlary doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalanmagynda medeniýetiň, sungatyň wajyp ähmiýete eýedigini, ýurdumyzda dünýä halklarynyň medeniýetine, sungatyna uly sarpa goýlup, medeniýetleriň tejribe alyşmagy, baýlaşmagy üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini aýdyň görkezdi.

 

Täze habarlar