Sähra göwenegi

Ýurduň çäginde
12.01.2026
56

Sähra göwenegi

Ýurdumyzda ýyrtyjy guşlaryň 33 görnüşi duş gelip, şondan 19-sy Diýarymyzda höwürtgeleýärler. Şolaryň biri hem laçynşekilliler toparynyň laçynlar maşgalasyna degişli sähra göwenegidir. Ol kepderiden kiçi bolup, horazynyň kellesi, guýrugynyň üsti gögümtil, arkasy açyk-çypar, guýrugynyň aşagy açyk reňkli we ujy kese gara zolaklydyr. Bedeniniň uzynlygy 27-33 santimetre, ganaty bolsa 22,3-25 santimetre ýetýär. Sähra göwenegi welaýatymyzda Hazar deňziniň kenarynda, Etrek derýasynyň aşaky akymynda, Uly Balkanda duş gelýär. Ol, esasan, mör-möjekler, kähalatlarda ownuk süýrenijiler, gemrijiler bilen iýmitlenýär. Bar bolan maglumatlara görä, bir günüň dowamynda öz göwresiniň agramynyň dörtden biriçe iýmit iýýär. Sähra göwenekleri beýleki ýyrtyjy laçyn guşlardan aw etmeýändigi bilen tapawutlanýarlar. Olaryň tebigatda mör-möjekleriň sanyny kadalaşdyrmakda ähmiýeti örän uludyr. Sähra göwenekleri islendik ýerde ýaşamaga çalt uýgunlaşýarlar. Tebigy şertlerde, adatça, 10-16 ýyl ýaşaýarlar. «24-25 ýyla çenli ýaşap bilýärler» diýen maglumat hem bar.

Täze habarlar

Medeniýet
Jemgyýet
Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde