Sähra göwenegi

Ýurduň çäginde
18.07.2026
66

Sähra göwenegi

Ýurdumyzda ýyrtyjy guşlaryň 33 görnüşi duş gelip, şolaryň biri hem laçynşekilliler toparynyň laçynlar maşgalasyna degişli sähra göwenegidir. Ol kepderiden kiçi bolup, horazynyň kellesi, guýrugynyň üsti gögümtil, arkasy açyk-çypar, guýrugynyň aşagy açyk reňkli we ujy kese gara zolaklydyr. Bedeniniň uzynlygy 27 — 33 santimetre, ganaty bolsa 22,3 — 25 santimetre ýetýär. Ýurdumyzda Hazar deňziniň kenarynda, Etrek derýasynyň aşaky akymynda, Köpetdagda, Uly Balkanda, Gaplaňgyrda, Amyderýa jülgelerinde duş gelýär. Göwenek, esasan, mör-möjekler, kähalatlarda ownuk süýrenijiler, gemrijiler bilen iýmitlenýär. Bar bolan maglumatlara görä, bir günüň dowamynda öz göwresiniň agramynyň dörtden biriçe iýmit iýýär. Olar beýleki ýyrtyjy laçyn guşlardan aw etmeýändigi bilen tapawutlanýar. Olaryň tebigatda mör-möjekleriň sanyny kadalaşdyrmakda ähmiýeti örän uludyr. Sähra göwenegi islendik ýerde ýaşamaga çalt uýgunlaşýar. Tebigy şertlerde, adatça, 10 — 16 ýyl ýaşaýar. 24-25 ýyla çenli ýaşap bilýärler diýen maglumat hem bar.

 

Täze habarlar

Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde