Şahyryň dogduk mekanyndaky dabaralar

Medeniýet
17.05.2024
69

Şahyryň dogduk mekanyndaky dabaralar

Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de «Nesil» gazetiniň redaksiýasynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň bilelikde yglan etmeginde ýaşlaryň arasynda geçirilen «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy we «Magtymguly - geçmişimiz, şu günümiz we geljegimizdir» atly ylmy-amaly maslahat uly ruhubelentlige beslendi. Magtymguly etrap merkezinde we Gerkez obasynda guralan bu çärelere halypa ýazyjy-şahyrlardan, alymlardan, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlardan, TMÝG-niň işjeň agzalaryndan we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerinden ybarat bolan topar gatnaşdy.

Dabaranyň geçýän ýerinde muzeý gymmatlyklarynyň, amaly-haşam sungatynyň, kitaplaryň we suratlaryň sergisi guralyp, olar çärä gatnaşanlarda uly täsirleri galdyrdy. Medeniýet we sungat ussatlarynyň, teatr artistleriniň, tans we folklor toparlarynyň çykyşlary şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy. Çärelere gatnaşyjylar şahyryň ýadygärligine ter gül çemenlerini goýup, tagzym etdiler.

«Magtymguly - geçmişimiz, şu günümiz we geljegimizdir» atly ylmy-amaly maslahatda söz ussadynyň ömri we döredijiligi hakyndaky çykyşlara giň orun berlip, ol beýik şahyrymyzyň hormat-sarpasynyň egsilmezdiginiň güwäsine öwrüldi. «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy ýatda galyjy pursatlary özünde jemledi. Bäsleşigiň ýeňijilerine baýraklar we Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.