
Şahyryň şanyna geçirilen bäsleşik
Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny we «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny dabaralandyrmak, bagtyýar ýaşlaryň kalbynda söz ussadynyň eserlerinde öňe sürülýän watansöýüjilik, agzybirlik, halallyk, ynsanperwerlik ýaly ýol - ýörelgelerimize bolan söýgini artdyrmak, ýaş zehinli şahyrlary ýüze çykarmak maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň «Balkan» welaýat gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde yglan eden «Ylhamly ýaşlar - Watanyň daýanjy» atly döredijilik bäsleşigi ýokary ruhubelentlige beslendi.
Welaýat kitaphanasynda geçirilen bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşan welaýatymyzyň ýaş şahyrlary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny we akyldar şahyry wasp edip ýazan goşgularyny labyzly okadylar, Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna nezire ýazdylar, şeýle-de çäkli wagtyň dowamynda halypalaryň biriniň ýazan goşgusyny dowam etdirdiler.