Sallançak

Medeniýet
23.05.2024
192

Sallançak

Çagalyk döwri hakynda söhbet edilende bolsa, ilkinjileriň hatarynda göz öňüne gelýäni sallançakdyr. Türkmen maşgalasynda sallançak özboluşly häsiýete eýedir. Irki döwürlerde sähetli gün il içinde sylanýan ýaşuly zenan ýa-da çaganyň enesi, mamasy ak öýüň töründe sallançak gurnapdyr. Hüwdüde:

Allan-allan sallançak,

Akar suwlar bulançak,

Altmyş başly ak öýüň,

Ýaraşygy sallançak

diýilmegi munuň subutnamasydyr. Sallançak üçin kilim, palas dokalyp, olardan ýüpe gerlip sallançak edilipdir. Soňra agaç, demir sallançaklar ulanylyp başlanýar. Çagany gözden-dilden, ýaramaz ýagdaýlardan goramak üçin başujunda alajaly dagdan, gözmonjuk, üzärlik ýaly zatlar asylyp, duz goýulýar. Alajadan sallançak bagy edilýär. Sallançak bilen bagly yrymlar hem ýörgünlidir. Sallançak boş üwrelmeýär. Sallançak gurnalanda goňşy-golam çagyrylyp, duz dadyrylypdyr. Şonda adamlar: “Sallançagyňyz gutly bolsun, bady ýatmasyn!” diýip dileg edipdirler. Köp çaga üwrelip saklanan sallançaklar köp çagaly bolmagy yrym edilip, nesillerden-nesillere sowgat edilipdir.