Şan-şöhraty dünýä dolan «Galkynyş»
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň Balkan welaýat ýörite sungat mekdebi bilen bilelikde guran «Şan-şöhraty dünýä dolan «Galkynyş» atly bäsleşigi talyp ýaşlaryň zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmeklerine giň mümkinçilikleri döretdi. Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirilen bäsleşige Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplary gatnaşdylar.
Talyplar şertlere laýyklykda, üstümizdäki ýylyň ilkinji aýynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda ýeňiji bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň üstünliklerini berlen wagtyň dowamynda öz surat eserlerinde beýan etdiler. Netijede, Osman Durdyýewiň işi birinji orna, Bibigözel Aşyrowanyň eseri ikinji orna mynasyp boldy. Maýsagül Amanjaýewanyň, Halyma Rahmanowanyň, Toýgeldi Toýgeldiýewiň döreden eserlerine üçünji orun berildi. Öňdäki orunlara mynasyp bolan talyplara ýadygärlik sowgatlar hem-de Hormat hatlary gowşuryldy.