Sandyk
Türkmeniň ak öýüni sandyksyz göz öňüne getirmek kyndyr. Sandyklar zenanlar üçin arzyly öý goşlarynyň biri bolupdyr. Häzirki wagtda hem haşamlanan sandyklar öýlerde saklanýar. Sandykçy ussalar sandyk ýasamakda biri-biri bilen bäsleşipdirler. Diňe agaçdan bezelip ýasalan sandyklaram, öň tarapyna nagyşlanan ýuka demir berkidilen sandyklaram meşhur bolupdyr. Sandygyň içine zenanlar zerur zatlaryny salyp goýupdyrlar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda sandyk ýasaýan belli ussalar bar. Olar sandygy erik, tut ýaly berk agaçlardan ýasaýarlar. Bu bolsa onuň uzak ýyllap hyzmat etmegine getirýär. Sandyk goýy gyzyl, gök, ýaşyl, ak, mawy reňkler bilen endigan edip reňklenýär. Onuň ýüzüne we tutuş daşyna nagyşlaryň, haly gölleriniň, keçe gülleriniň, gülýakalaryň, şelpeleriň şekillerini, guşlaryň, düýeleriň suraty çekilip, gerekli reňkler berilýär. «Sandyk» nagşy hem sandyk bilen baglanyşyklydyr. Ol toý sandygyny alamatlandyrýar. Durmuşa çykjak gyzyň sepinde sandyk uly orun eýeläpdir. Oňa täze sandyk ýasadylyp, sandygyň içine gyzyň gerek-ýaragy salnypdyr.