Ykdysadyýet
29.09.2026
90
Şanly senä toý sowgady
Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň okgunly ösýän ugurlarynyň birine öwrülen dokma pudagy döwrüň iň kämil tehnologiýalaryna hem-de öňdebaryjy tejribelerine daýanýar. Pudagy depginli ösdürmekde balkanly dokmaçylar hem özleriniň goşantlaryny goşýarlar. Olar şu ýylyň geçen döwründe nah ýüplük öndürmekde meýilnamany 111 göterim ýerine ýetirdiler. Hasabat döwründe 138 million 300 müň manatlyga barabar ýüplük öndürildi. Munuň özi pudagyň kärhanalarynyň Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna toý sowgadydyr.