Şanly senäniň şanyna
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkanabat şäher komitetiniň guramagynda «Garaşsyzlyk — baky bagty türkmeniň» ady bilen maslahat geçirildi. «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda geçirilen maslahatda edilen çykyşlarda ýetip naýbaşy baýramymyz mynasybetli gutlag sözleri aýdylyp, Garaşsyzlyk ýyllarynda, esasanam, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň her bir gününiň uly ösüşlere, şanly hem taryhy wakalara, toýdur baýramlara beslenýändigi nygtalyp geçildi. Halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşaýandygy, ähli ajaýyplyklaryň gözbaşynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň durýandygy, baş baýramymyza raýatlarymyzyň uly zähmet üstünlikleri bilen barýandygy buýsanç bilen bellenildi.