Şanly senäniň şanyna
Balkanabat şäherindäki «Naýbaşy» toý dabaralary merkezinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleradioýaýlymy bilen bilelikde guramagynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp, aýdym-sazly çäre geçirildi. «Bitaraplyk — baky abadançylyk» diýen at bilen geçirilen çärä jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, partiýanyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Dabaraly çärede edilen çykyşlarda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň döwletimiziň, halkymyzyň dünýädäki abraýyny has-da belende göterýändigi, bitaraplyk ýörelgesiniň barha rowaçlanýandygy barada gürrüň edildi. Aýdymçylaryň, tans toparlarynyň ýerine ýetiren joşgunly çykyşlarynda bolsa ata Watanymyzyň, ajaýyp zamanamyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň waspy belentden ýetirildi.