Şanly toýuň şanyna
Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesiniň şanyna «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada guralan aýdym-sazly dabara welaýat häkimliginiň, welaýat medeniýet müdirliginiň we jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilip, ýatdan çykmajak pursatlara beslendi. Dabarada çykyş edenler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň many-mazmuny, ähmiýeti barada gürrüň etdiler. Bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly öňe barýan ýurdumyzda belent maksatlary nazarlap badalga berilýän durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýurduň çalt depginler bilen ösmegini, batly gadamlar bilen öňe gitmegini kepillendirýändigini buýsanç bilen bellediler. Baýramçylyk dabarasy welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan çykyşlary bilen dowam etdi. Welaýat döwlet drama teatrynyň artistleriniň görkezen edebi-sazly kompozisiýasy, tans we folklor toparlarynyň joşgunly çykyşlary çuň many-mazmuna eýe boldy.