Sargan

Ýurduň çäginde
16.04.2024
486

Sargan

Kesbi-käri çarwaçylyk bolan halkymyz ir döwürlerde mallar bilen birlikde, her ýyl alabahardan ýazlamaga sergin daglara, giň sähralyklara otuň, suwuň bol ýerlerine göçüpdirler, mallardan, esasan hem, dowarlardan alynýan süýt önümlerini isrip etmän, olardan köp görnüşli tagamly süýt önümlerini taýýarlapdyrlar we bu häzir hem ýörgünlidir. Şeýle süýt önümleriniň biri hem halk arasynda «Sargan iýseň, sag bolarsyň» diýlip tarypy ýetirilýän sargandyr. «Süýdi - sargan, ýüňi - ýorgan» diýilýän goýnuň süýdünden taýýarlanan sargan tagamly bolýar. Sargany taýýarlamak üçin çig süýdüň üstüne gönezlik (maýalyk) atylýar. Uýandan soň gazana guýlup, assa ýanyp duran oduň üstünde goýup gaýnadylýar. Sargany gaýnap, saralyp, öz gelmeli reňkine gelýänçä bişirmeli. Taýyn bolandan soňra ony kepgir bilen bölek-bölek görnüşinde gazandan çykarmaly. Häzirki döwürde sarganyň içine şeker hem garylýandygyny bellemek gerek.