Sary nargyz
Türkmen tebigatynda ösýän adama peýdaly ösümlikleriň biri-de sary nargyzdyr.
Sary nargyz dag derman ösümligi bolup, Diýarymyzda onuň bir görnüşi duş gelýär. Sary nargyz boýy 10-20 santimetre ýetýän köpýyllyk otjumak ösümlikdir.
Ol ýurdumyzda deňiz derejesinden 800 - 1600 metr belentlikde ösýär, çagylly we ownuk çagylly eňňitlerde, gyrymsy agaçlaryň arasynda bitmek bilen, topbajyk görnüşinde ösüp boý almagy halaýar. Gülleri açyk sary reňkli bolan sary nargyz sentýabr-oktýabr aýlarynda gülleýär.
Bu ösümlik Günorta-Günbatar Köpetdagda, Aýderede, Garaňkyderede, Garasuwda, Goçdemirde, Şyblanda, Parhaýda duşýar. Sary nargyz ýurdumyzdaky seýrek duşýan ösümlikleriň hataryna girýär. Ol Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Ösümlik Aşgabadyň Botanika bagynda, Sünt-Hasardag we Köpetdag döwlet tebigy goraghanalarynyň tejribe meýdançalarynda ekilip ýetişdirilýär. Ösümligiň soganlygy we gülleri dermanlyk çig mal bolup hyzmat edýär.