Saryganat — seýrek guş
Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň ýerlerinde guşlaryň ýüzlerçe görnüşleri gabat gelýär. Esasanam, güýz, gyş, ýaz aýlarynda şol guşlaryň aglaba görnüşlerini görmek bolýar. Olar suwda ýüzýän, suw-batgalyk we gury ýer guşlarydyr. Serçeşekilliler, kepderiler, toklutaýlar, bezbeltekler, bagyrtlaklar we beýlekiler gury ýer guşlarydyr. Saryganat diýlip atlandyrylýan owadanja guşlaram gury ýer guşlaryna girýär. Bu guş serçä garanyňda sähel ulurakdyr.
Saryganatlar Türkmenistanda köp gabat gelýärler. Olar derýalaryň boýlaryna, daglaryň derelerine, oazislere aralaşmagy halaýarlar. Hazar deňziniň günorta-gündogar kenarlarynda, Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň meýdanlarynda ýaşaýarlar. Uçup geçýän guş hasaplanýan saryganatlaryň köp sanlysy ýurdumyzda höwürtgeleýärler we gyşlaýarlar. Gyşyna göçüp-gonup gezýärler. Ýazky göçüşi aprel, güýzki göçüşi noýabr aýlaryny öz içine alýar. Ýazyň ortasynda höwürtgeleýärler, agaçlaryň arasynda ýarym şar görnüşli höwürtge ýasaýarlar. Ösümlikleriň däneleri, mör-möjekler bilen iýmitlenýärler. Bu owadan guşjagazlaryň maklýura agajynyň şar şekilli togalak miwelerini çokýandyklaryny-da görmek bolýar. Saryganaty saýrak guş hökmünde öý şertlerinde kapasada saklap bolýar.