Sarymsak

Ýurduň çäginde
19.12.2025
171

Sarymsak

Ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyklykda, güýz aýlarynda ekilýän birnäçe ekinler bar. Güýzlük sarymsak hem şolaryň biridir. Ol sowuk howa şertlerine çydamly, kadaly ideg edilende, gyşy oňat geçirýän ekindir. Güýzki sarymsak, esasan, oktýabr-noýabr aýlarynda ekilýär. Bu möwsümler sarymsagyň işjeň ýagdaýda topraga kök urup, gurplanyp biljek toprak-howa şertlerine eýedigi bilen tapawutlanýar. Ýeri gelende bellesek, sarymsak aram howaly sebitleri halaýar. Ol tohum getirmeýän ýeke-täk bakja ekinidir. Sarymsak birnäçe ekinlere garanda, idegi az talap edýär. Ekilenden 6-9 aý soň hasyly ýetişýär. Ýerüsti ösüntgisiniň saralyp, ymykly guramagy hasylyň ýetişenliginiň alamatydyr. Ýygnalan sarymsak hasylyny topragyň üstüne serip, güneşde guratmak hem, daýhançylygyň köpýyllyk tejribeden geçen netijeli usulydyr. Diňe şondan soň guran sarymsaklary Gün şöhlesi düşmeýän, gurak hem salkyn ýerde uzak wagtlap saklap bolar.